ezýaka

ezýaka
Ýakasy iki egniň üstünden açylýan (köýnek).
∙ Ol der bilen biraz saralan, ak ezýaka köýneginiň ýeňleri çermeşdirdi. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)
∙ Gapynyň ýapyklygyna, töwerekde hiç kimiň ýoklugyna gözi ýetensoň, Salpa dyzanaklap, ata-babasyndan miras galan mähnet demir sandygyň ýanyna bardy-da, dyzyna ýetip duran ezýaka köýneginiň kisesinden iki sany açar alyp, ony açmaga durdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
∙ Oraz molla ýüzüni aşak salyp, ezýakasyna bukup otyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Onuň şu sypatyna ýaraşyp duran ezýaka ak köýnek bardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем написать реферат

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»